Ýewropa Ligasynyň pleý-off tapgyrynyň ähli gatnaşyjylary belli boldy

  • 31.01.2025 12:40
  • 6k+

Ýewropada klub ýaryşlarynyň ähmiýeti boýunça ikinji orunda durýan UEFA Ýewropa Ligasynyň toparlaýyn tapgyry tamamlandy. 8-nji tapgyryň ähli oýunlary şol bir wagtda geçirilip, duşuşyklar Aşgabat wagty bilen 31-nji ýanwarda sagat 01:00-da başlandy.

Dusuşyklaryň netijeleri boýunça pleý-off tapgyryna çykjak ähli toparlar belli boldy. Umumy tapgyryň jemi boýunça iň gowy 8 topar göni 1/8 finala çykdy, galan 16 topar bolsa goşmaça tapgyrda bu orunlar ugrunda göreşer.
Ilkinji 8 orny eýeläp, göni 1/8 finala çykan toparlar: «Lasio» (19 utuk), «Atletik» Bilbao (19), «Mançester Ýunaýted» (18), «Tottenhem» (17), «Aýntraht» Frankfurt (16), «Lion» (15), «Olimpiakos» (15), «Reýnjers» (14).
9-njy orundan 24-nji orna çenli ýerleşen toparlar bolsa 1/8 finala çykmak üçin goşmaça pleý-off tapgyrynda oýnarlar: «Budýo-Glimt» (14), «Anderleht» (14), «Stýaua» (14), «Aýaks» (13), «Real Sosýedad» (13), «Galatasaraý» (13), «Roma» (12), «Wiktoriýa Plzen» (12), «Ferenswaroş» (12), «Portu» (11), «AZ Alkmar» (11), «Midtýullann» (11), «Ýunion Sent-Žilluaz» (11), «PAOK» (10), «Twente» (10), «Fenerbahçe» (10).
Pleý-off tapgyrynyň bijesi 31-nji ýanwarda çekiler. Ilkinji duşuşyklar 13-nji fewralda, jogap duşuşyklary bolsa 20-nji fewralda bolar. 1/8 final tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary 6-njy martda başlar, jogap oýunlary bolsa 13-nji martda geçiriler.


düýn 14:15
9.5k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......