Lýuksemburgda ýokarky gaty çişirilýän täsin göçme jaý görkezildi

  • 30.01.2025 13:49
  • 5.7k+

Lýuksemburgyň Eş şäherinde çişirilýän ýokarky gatynda alty adamyň ýaşamagyna mümkinçilik berýän täsin gurluşly göçme jaý işlenip düzüldi. Täsin gurluşy, pnewmatiki ulgamly üçegi we suwy aýlawly ulanyş ulgamy bilen bu göçme jaý, tehnologiýanyň we döredijiligiň birleşen nusgasyny hödürleýär diýip, New Atlas neşiri habar berýär.

«E22SSPIU!» atly bu taslama Lýuksemburgyň Eş şäherinde ýerleşýän «2001» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi. Ol ilki seredeniňde howa şaryna meňzeýär. Taslama, ýaşaýyş jaý gurluşygy babatynda pikirleri öwrenmäge gönükdirilen barlaglaryň bir bölegi bolup durýar. Şonuň üçin bu gurluşa, satuwa çykaryljak haryt däl-de, bir konsepsiýa, ýagny pikir alşylýan taslama hökmünde seretmek gerek.
Gurluşyň düýp binýady poslamaýan polatdan ýasalan iki okly tirkegdir. Onuň arka tarapyndaky uly penjireden başga penjiresi ýok. Girişinde bolsa kiçiräk metal ýodajyk ýerleşýär. Gatnaw wagtynda diňe aşaky gat ulanylýar. Onuň hammamy (duş, rakowina, hajathana) we kiçiräk aşhanasy (ammar ýerleri, rakowina, sowadyjy we nahar stoly) bar.
Göçme jaý duralga ýerleşdirilenden soň, onuň üçegi pnewmatiki goldawlaryň kömegi bilen ýokary galýar. Şondan soň, kompressor bilen iki gatly uly gümmez howa bilen doldurylýar, bu bolsa ýatylýan otag bolup hyzmat edýär. Ol ýere arkaýyn alty adam ýerleşip bilýär.
Onuň ýokarky gaty giň we açyk görnüşli otag bolup, onuň içki aýratynlyklary şemaly aşaky gata geçirýän metal tor bilen birleşdirilen gapyrjakly zemin, şeýle-de howa bilen doldurylýan düşeklerden ybaratdyr. Aşhanadan basgançak ýa-da lift arkaly ýokarky gata çykmak mümkin.
Göçme jaý çişirilip ulanylmak bilen bir hatarda, suwy aýlawly ulanyş ulgamy bilen hem üpjün edilendir. Şol ulgam rakowinadan we duşdan gelýän hapa suwy hajathana üçin ulanmaga mümkinçilik berýär.
Belki-de bu taslama iň amaly çözgüt däldir, ýöne dar ýerleri iň ýokary mümkinçiliklerde ulanmak pikiri täsirli ýagdaýda durmuşa geçirilipdir.

düýn 23:54
824

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
878

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
677

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

düýn 20:40
1.5k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....