Patrik Klýuýwert Indoneziýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

  • 09.01.2025 14:09
  • 2.8k+

“Barselonanyň”, “Aýaksyň” we Niderlandlaryň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Patrik Klýuýwert Indoneziýanyň milli toparynyň baş tälimçisi boldy. 48 ýaşly hünärmen bilen şertnama 2027-nji ýyla çenli hereket edýär diýlip, ýurduň futbol federasiýasynyň saýtynda habar berilýär.

Indoneziýa FIFA-nyň reýtinginde 127-nji orny eýeleýär.
Karýerasynyň dowamynda Klýuýwert “Aýaks”, “Milan”, “Barselona”, “Nýukasl”, “Walensiýa”, “PSW” we “Lill” üçin çykyş etdi. Ol üç gezek Niderlandlaryň çempiony boldy, Çempionlar ligasynda ýeňiş gazandy, şeýle-de “Barselona” bilen Ispaniýanyň çempionatyny utdy. Klýuýwert Niderlandlaryň milli ýygyndysynda 79 oýna gatnaşdy we 40 gol geçirdi, iki gezek Ýewropa çempionatynyň bürünç baýragynyň eýesi boldy (2000, 2004).
Karýerasyny tamamlandan soň, Klýuýwert A3-üň, NEK-nyň we Niderlandlaryň milli ýygyndysynyň tälimçi ştabynda, “Aýaksyň” we “Twenteniň” ýaşlar toparlarynda işledi, Kýurosaonyň milli ýygyndysyna we “Adana Demirspor” türk klubuna ýolbaşçylyk etdi, Kamerunyň milli ýygyndysynda baş tälimçiniň kömekçisi, PSŽ-niň sport müdiri we “Barselona” akademiýasynyň müdiri boldy.


düýn 15:58
10k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.3k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.2k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......