L'Oréal CES 2025-de deriniň garramagyny analiz edýän enjamy görkezdi

  • 09.01.2025 13:48
  • 1.8k+

Las-Wegasda geçýän CES 2025 sergisinde L'Oréal fransuz brendi ýüz derisiniň ýagdaýyny seljerýän Cell BioPrint innowason enjamyny hödürledi.

Stol enjamy NanoEntek koreý startapy bilen bilelikde işlenip taýýarlanan “çipli barlaghana” tehnologiýasyny ulanýar. Enjam deriniň garrama derejesine baha bermäge, täsir ediji faktorlary kesgitlemäge we degişli ideg komponentlerini saýlamaga mümkinçilik berýär.
Prosedura bary-ýogy 5 minut wagt alýar. Ulanyjy testeri ýaňagyna ýa-da maňlaýyna goýýar, soň ony reagente ýerleşdirýär we enjama salýar. Soňra emeli aň algoritmleri nusgany seljerýär, Skin Connect smart-skaneri bolsa ýüzi surata düşürýär. Şondan soň deri näsazlygy barada gysgaça anketa doldurylýar.
Cell BioPrint deri garramasynyň tizligi, näderejede pigmentasiýa ýykgyndygy we kosmetiki maddalaryň, şol sanda retinolyň netijeliligi baradaky soraglara jogap berýär. Möhüm ýeri, testler makiýažyň ýa-da SPF kremiň barlygyna bagly däldir.
Enjam 2025-nji ýylda brendiň Günorta Koreýadaky birnäçe firma dükanynda synagdan geçiriler. Müşderiler önümi satyn almazdan ozal derini analiz edip biler.
L'Oréal-yň baş müdiriniň orunbasary Barbara Lawernosyň aýtmagyna görä, enjam adamlara derä ideg etmegiň ylmy çemeleşmesini hödürleýär.


10.05.2026 11:51
7.1k+

Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç......

07.05.2026 11:10
4.4k+

«Terminator-2» filmindäki ýaly: böleklenip, ýene-de täzeden ýygnalýan materiallar döredildi

Boulderdäki Kolorado uniwersitetiniň hünärmenleri ýelim ýa-da himiki serişdeleri ulanmazdan, böleklenip we täzeden ýygnalyp bilýän robotlar we konstruksiýalar üçin täze tehnologiýany oýlap tapdylar....

05.05.2026 14:00
2.1k+

Ysmaz hassalar Neuralink-yň kömegi bilen pikir arkaly hereket etmegi öwrendiler

Neuralink kompaniýasy ysmaz adamyň öz pikirleriniň kömegi bilen robotlaşdyrylan eli nähili dolandyryp bilýändigini görkezdi. Bu görkezme tehnologiýanyň mümkinçilikleriniň näderejede ýokarydygynyň göz-görtele......

05.05.2026 00:32
3.8k+

Boeing uçarlar üçin «telefon budkasynyň» nusgasyny görkezdi

Boeing kompaniýasy uçaryň ýolagçylary üçin işlemäge we wideogepleşikleri geçirmäge niýetlenen aýratyn kabinanyň nusgasyny tanyşdyrdy. Bu täze taslama Gamburgda geçirilen Aircraft Interiors Expo 2026 sergisinde......