Jokowiç Brisbendäki ATP ýaryşynyň 1/4 finalynda dünýäniň 293-nji raketkasyndan utuldy

  • 04.01.2025 16:05
  • 3.7k+

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Brisbende geçirilýän Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) ýaryşynyň çärýek finalynyň oýnunda amerikaly Raýli Opelkadan utuldy. Duşuşyk iki setde 7:6 (8:6), 6:3 hasabynda Opelkanyň peýdasyna tamamlandy.

Jokowiç ýaryşda birinji belgi bilen ýerleşdirildi, amerikaly belgi almady. Ýarym finalda Opelka fransiýaly Jowanni Mpetşi-Perrikar bilen oýnar.
Jokowiç 37 ýaşynda. Ol häzir ATP-niň dünýä reýtinginde ýedinji setirde ýerleşýär. Onuň hasabynda ATP ýaryşlarynda 99 ýeňiş, şol sanda “Uly tuwulga” ýaryşlarynda 24 ýeňiş bar – erkekleriň arasynda ýekelikde rekord. Serbiýaly Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi (2024), Olimpiadanyň bürünç baýragynyň eýesi (2008) we Dewisiň Kubogynyň eýesidir (2010). Şeýle-de, oňa dünýäniň birinji raketkasy hökmünde geçirilen hepdeleriň sany boýunça (428) absolýut rekord degişlidir.
Opelka 27 ýaşynda bolup, ATP reýtinginde 293-nji orny eýeleýär. Türgeniň hasabynda guramanyň howandarlygynda dört titul bar. Onuň “Uly tuwulga” ýaryşlarynda iň ýokary netijesi 2021-nji ýylda ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň dördünji tapgyryna çykmagy boldy.
Brisbendäki ýaryş ATP 250 kategoriýasyna degişli. Ýaryşyň häzirki ýeňijisi bolgariýaly Grigor Dimitrowdyr.


düýn 12:41
1.7k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.4k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....