Karlo Ançelotti FIFA tarapyndan 2024-nji ýylyň iň gowy tälimçisi saýlandy

  • 18.12.2024 16:27
  • 5.4k+

Madridiň “Realynyň” halypasy italiýaly Karlo Ançelotti FIFA tarapyndan 2024-nji ýylyň iň gowy tälimçisi diýlip ykrar edildi. Bu barada Kataryň Doha şäherinde geçirilen The Best FIFA Football Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasynda yglan edildi.

Şeýle-de, dalaşgärleriň hataryna Hosep Gwardiola (“Mançester Siti”), Habi Alonso (“Baýer”), Lionel Skaloni (Argentinanyň milli ýygyndysy) we Luis de la Fuente (Ispaniýanyň milli ýygyndysy) girdi.
Ses berişligiň netijesinde Ançelotti 26 ses aldy. Ikinji orny Habi Alonso (22), üçünji orny Luis de la Fuente (11) eýeledi.
2023/24 möwsüminde “Real” Ançelottiniň ýolbaşçylygynda Ispaniýanyň çempionatynda, Ispaniýanyň Superkubogynda, UEFA-nyň Çempionlar ligasynda we Superkubogynda ýeňiji boldy.
Zenan futbolynda iň gowy tälimçi hökmünde ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň halypasy Emma Heýz saýlandy. Ol 2012 – 2024-nji ýylda “Çelsiniň” tälimçisi boldy. 


şu gün 13:39
5.5k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

düýn 14:15
12k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
13k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
6k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......