NASA-nyň astronawty, özbek tikinçisi: BBC-niň ylham berýän 100 zenan sanawyna kimler girdi?

  • 06.12.2024 15:57
  • 6.4k+

BBC dünýädäki  ylham beriji we täsirli 100 zenanyň her ýylky sanawyny neşir etdi. 2024-nji ýylyň sanawynda alymlar, türgenler, jemgyýetçilik işjeňleri, syýasy ýolbaşçylar we sungat işgärleri bar.

Hususan-da, agzalanlaryň arasynda iki sany Nobel baýragynyň eýesi bar. Olar  modifisirlenen mRNA boýunça geçiren barlaglary üçin fiziologiýa we lukmançylyk boýunça baýrak alan amerikaly biohimik Katalin Kariko, şeýle hem zorlugyň pidalaryna kömek edýän we Parahatçylyk baýragyna mynasyp bolan, adam hukuklaryny goraýjy yrakly Nadiýa Murad bar.
Türgenleriň arasynda ABŞ-ly iň meşhur ýeňil atletikaçy Ellison Feliks, alty sany Olimpiýa medalyny gazanan braziliýaly gimnastikaçy Rebeka Andrade, owgan para thekwondoçysy Zakiýa Hudadadi, şeýle hem, sowukganly nazary we Pariž Olimpiadasyndaky mahmal pili bilen sosial ulgamlary özüne çeken günorta koreýaly atyjy Kim Ýe Ji bar.
Sanawda syýasatçylardyr we aktiwistler hem az däl. Olaryň arasynda Täze Zelandiýanyň mejlisinde iň ýaş maori zenany bolan Hana-Rawiti Maýpi-Klarky görkezmek bolar. Dünýäniň ykjam gazetlerinde onuň jedelli kanun taslamasynyň ses berişlige hödürlenmegine garşydygyny görkezmek üçin ýygnakda adaty haka tansyny ýerine ýetirendigi habar berlipdi. Sanawda howanyň üýtgemegine garşy göreşiji aktiwist Adenike Oladosu hem bar.
Sanawa NASA-nyň astronawty Sunita Uillýams hem girdi. Ol 5-nji iýunda Boeing Starliner kosmiki gämisinde Halkara kosmos stansiýasyna sekiz günlük missiýa bilen ugrady, ýöne gämide ýüze çykan tehniki näsazlyklar sebäpli 2025-nji ýylyň fewralyna çenli “kosmosda galmaly boldy”.
Özbegistanly tikinçi we telekeçi Dilorom Ýuldoşewa aýratyn ünsi çekdi. Iki ýyl ozal bolan betbagtçylykda ol iki aýagyny hem ýitirdi, ýöne umytsyzlyga düşmedi we öz hususy tikinçilik işini açmagy ýüregine düwdi. Ol bu hünäri 40-dan gowrak aýala öwretdi we göreldesi bilen köpleri ruhlandyrdy.
Sanawda Gyrgyzystanyň wekili Žanylsynzat Turganbaýewa hem bar. Ol Bişkekdäki etnologiýa muzeýine ýolbaşçylyk edýär we Gyrgyzystanyň edebiýatyny, şol sanda "Manas" eposyny gorap saklamak bilen baglanyşykly haýyr-sahawat işlerine işjeň gatnaşýar.
Sanawyň iň meşhur agzasy Golliwudyň aktrisasy Şeron Stoun bolsa gerek. “Onuň öndümli aktýorçylyk karýerasy haýyr-sahawat işleri bilen utgaşdy. Stoun köp sanly başlangyçlary goldady. Nobel baýragynyň eýeleri öz ýyllyk sammitde oňa AIW keselli adamlara kömek edenligi üçin “Parahatçylyk sammiti” baýragyny berdiler "-diýdi.

düýn 16:05
3.3k+

«Günüň we Suwuň çagalary» türkmen filmi Astanadaky kinofestiwalyň baýragyny aldy

Türkmen režissýory Bekdurdy Amansaryýewiň «Günüň we Suwuň çagalary» atly dokumental filmi «Astana Eco Film Festival» kinofestiwalynda tomaşaçylaryň gyzyklanmasy boýunça ýörite baýraga mynasyp boldy. Bu çäre......

düýn 13:51
1.9k+

Serdar Berdimuhamedow atşynaslary we türkmen halkyny bedew baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny we atşynaslary Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady. Gutlagyň teksti 26-njy aprelde Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi....

düýn 13:48
8k+

Atlaryň arasyndaky gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine «Toyota Fortuner» awtomobili berildi

«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi. «2026-njy ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan, mele......

düýn 13:44
2.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Milli bedew baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

25-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu barada «TDH» döwlet habarlar agentligi habar......