Luis Suares “Inter Maýami” bilen şertnamasyny 2025-nji ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

  • 29.11.2024 16:18
  • 5.7k+

37 ýaşly urugwaýly hüjümçi Luis Suares “Inter Maýami” amerikan klubunda çykyş etmegini dowam etdirer. Futbolçy ABŞ-nyň Esasy futbol ligasynyň (MLS) kluby bilen şertnamasyny 2025-nji ýylyň ahyryna çenli uzaltdy.

Suares “Inter Maýamä” 2024-nji ýylda goşuldy we topar üçin 37 oýunda 25 gol geçirdi.
Suares Urugwaýyň “Nasýonal” toparynyň ýetişdiren oýunçysydyr. Ol 2006-njy ýyldan bäri karýerasynyň dowamynda Niderlandlaryň “Groningen” we “Aýaks”, Angliýanyň “Liwerpul”, Ispaniýanyň “Barselona” we “Atletiko” (Madrid) ýaly ýewropa klublarynda üstünlikli çykyş etdi. Ispaniýada bäş gezek La Liganyň çempiony (dört gezek “Barselona”, bir gezek “Atletiko” bilen) boldy, dört gezek Ispaniýanyň Kubogyny utdy, şeýle-de “blaugrananyň” düzüminde Çempionlar ligasynyň, UEFA-nyň Superkubogynyň we Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy.
Suares 2011-nji ýylda Amerikanyň Kubogyny utmak we 2010-njy ýylda GAR-da geçirilen dünýä çempionatynda ýarym finala çykmak bilen Urugwaýyň milli ýygyndysynyň taryhynda-da yz galdyrdy.


düýn 22:49
3.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.8k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......