“Inter Maýaminiň” baş tälimçisi Martino wezipesinden gitdi

  • 23.11.2024 19:58
  • 6.4k+

“Inter Maýami” öz resmi saýtynda argentinaly hünärmen Herardo Martinonyň şahsy sebäplere görä toparyň baş tälimçisi wezipesinden gidendigini habar berdi.

“Meniň üçin şeýle aýratyn klubda işlemek we şeýle aýratyn topara ýolbaşçylyk etmek hormat boldy. Men “Inter Maýamide” bolan wagtymdan lezzet aldym we bu ýerde dörän ýatlamalary we gatnaşyklary ömrümiň ahyryna çenli aýaryn. Men geçirilen wagt üçin çuňňur minnetdarlyk duýgusy bilen gidýärin we muny mümkin edenlere çyn ýürekden minnetdarlyk bildirmek isleýärin” – diýip, Martino aýtdy.

Martino “Inter Maýamä” 2023-nji ýylyň iýun aýynda tälimçi bellenildi. Onuň ýolbaşçylygynda topar Ligalaryň kubogyny utdy.
KHBS-iň habar bermegine görä, “Inter Maýaminiň” täze baş tälimçisi häzirki wagtda Argentinanyň ýaşlar ýygyndysyna ýolbaşçylyk edýän Hawýer Maskerano bolup biler.


düýn 16:49
6.1k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.7k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.8k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....