Ronaldu Portugaliýada futbolyň ösmegine goşandy üçin Quinas de Ouro baýragyny aldy

  • 15.11.2024 15:21
  • 9.5k+

Kriştianu Ronaldu Lissabonda geçirilen gala konsertinde Quinas de Ouro baýragyna mynasyp boldy. Portugaliýanyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Fernando Gomes futbolçynyň Portugaliýa futbolyny ösdürmäge we ýaýratmaga goşan goşandyny we onuň milli ýygyndyda gazanan üstünliklerini belläp geçdi diýip, Çempionat portaly habar berýär.

"Ol 20 ýyldan gowrak wagt bäri Portugaliýanyň milli ýygyndysynda işleýär, eger Portugaliýanyň milli ýygyndysyna wekilçilik etmäge kimiň söýgi bildirendigi barada gürrüň etsek, onda bu Kriştianu Ronaldu. Ol egnindäki köýnekçäni, Portugaliýany duýýar we ýurdumyzyň ösen tejribesiniň wekili boldy" - diýip, Gomes belledi. Ol Ronaldunyň hemişe milli topara wepalylygyň we söýginiň nyşany bolandygyny, şonuň üçin baýragyň adalatlydygyny sözüniň üstüne goşdy.

"Meniň diňe bir sözüm bar - bu Kriştianu beren ähli zatlary, egnindäki köýnekçäni, milli topary we ilkinji nobatda, Portugaliýany duýşy üçin minnetdarlyk sözi. Gutlaýaryn we minnetdarlyk bildirýärin!" - diýip, Gomes sözüni jemledi.
"Men milli ýygyndydaky karýeram üçin bu baýragy alandygyma buýsanýaryn. Biziň entek gazanmaly zadymyz köp! Minnetdar, Portugaliýa!" - diýip, Ronaldu öz X sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy.

Ronaldu - dünýäde ähli ýygyndylaryň arasynda gol sany boýunça rekord eýesidir (130 gol). Ol milli toparyň düzüminde Ýewropa çempionatyny we UEFA-nyň Milletler ligasyny utdy. Portugaliýada dört gezek ýylyň iň gowy futbolçysy boldy.


şu gün 09:54
791

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

düýn 13:03
14k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
10k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
6.9k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......