Inžener “Daş, gaýçy, kagyz” oýnunda roboty utsaň, $10 000 wada berýär

  • 13.11.2024 06:04
  • 12k+

NASA-nyň öňki inženeri we YouTube blogeri Mark Rober “Daş, gaýçy, kagyz” oýnuny ussatlyk bilen oýnaýan Rocky atly roboty döretdi. Rober kanalda ýerleşdiren wideosynda roboty utmak mümkinçiliginiň nola deňdigini aýdýar.

Robot garşydaşyň elleriniň we barmaklarynyň hereketlerini yzarlamak üçin infragyzyl datçikler bilen üpjün edildi, olar sekuntda ýüz gezek maglumat ýygnaýar. Maglumatlar algoritmiň kömegi bilen garşydaşyň saýlaýan hereketini öňünden çaklaýan mini kompýutere geçirilýär. Bu Rocky robotyna öz “göçümini” derrew we ýalňyşsyz etmäge mümkinçilik berýär.
Rober hiç bir strategiýanyň roboty utmaga kömek etmejekdigini, sebäbi onuň diňe garşydaşyň hereketini görenden soň “göçüm” edýändigini belleýär.
Gyzyklandyrmak üçin inžener hatda Rocky-ny utan islendik adama 10 000 dollar möçberde baýrak goýdy.

“Gynansak-da, siziň strategiýaňyza garamazdan, siziň mümkinçiligiňiz örän, örän az. Takmynan, 0%” – diýip, bloger aýtdy.

düýn 20:49
1.2k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

düýn 14:30
3.5k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

düýn 11:43
1.5k+

Curiosity-niň we Perseverance-iň täze panoramalary Marsyň hemme ýeriniň gyradeň däldigini ýüze çykardy

Curiosity we Perseverance mars rowerleri Ýere täsirli täze panoramalary iberdiler, olarda Marsyň landşaftynyň haýran galdyryjy derejede dürlüdigini aýdyň görkezdi....

düýn 06:43
4.9k+

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......