ATP-250 ýaryşynyň ýeňijisi Denis Şapowalowa kubogy Nowak Jokowiç gowşurdy

  • 12.11.2024 17:54
  • 4k+

Kanadaly tennisçi, dünýäniň 78-nji raketkasy Denis Şapowalow Serbiýanyň Belgrad şäherinde geçirilen ATP-250 ýaryşynda ýeňiji boldy. Oňa kubogy 24 gezek “Uly tuwulga” ýaryşynyň çempiony serbiýaly Nowak Jokowiç gowşurdy.

Serbiýaly rowaýata öwrülen tennisçi ýaryşyň finalyna tomaşa etdi. Kanadaly tennisçi Denis Şapowalow öz watandaşy, dünýäniň 156-njy raketkasy Hamad Mejedowiçi 6:4, 6:4 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
Ondan öň Nowak Jokowiç 2024-nji ýyldaky ATP final çempionatyndan şikes alandygy sebäpli çykypdy.
Ýaryşyň baýrak gaznasy 579,320 funt sterling bolup, ol Belgrad şäherinde 3-9-njy noýabr aralygynda geçirildi.


düýn 12:41
1.7k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.4k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....