Aşgabatda raýatsyzlyk meseleleri boýunça sebitleýin maslahat geçirilýär

  • 08.11.2024 16:35
  • 6.2k+

8-nji noýabrda Aşgabatda sebitleýin ministrler maslahaty başlandy. Maslahata gatnaşyjylar Merkezi Aziýada raýatsyzlygy ýok etmek boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşýarlar diýip, Orient habar berýär.

Maslahatyň geçirilmegi BMG-niň dünýäde raýatsyzlyga garşy göreşe bagyşlanan onýyllyk #IBelong kampaniýasynyň tamamlanmagy hem-de oktýabr aýynda öz işine başlan raýatsyzlygy ýok etmek boýunça Global bileleşigiň işe girizilmegi bilen gabat gelýär.
Foruma Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakow, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň (UNHCR) ýolbaşçysynyň goramak meseleleri boýunça kömekçisi Ruwendrini Menikdiwela, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, şeýle-de Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň wekilleri we UNHCR-iň hünärmenleri gatnaşdy.
Sebitleýin maslahat Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda raýatsyzlyga garşy göreşmek işinde tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy berkitmek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Türkmenistan maslahatda bu ugurda gazanan üstünlikleri barada belledi: ýurt 32 000-den gowrak adama, şol sanda bosgunlara we raýatlygy bolmadyk adamlara raýatlyk berdi.
Şeýle üstünlikler syýasy erki, kanunçylyk özgertmelerini, halkara hyzmatdaşlygy, şeýle-de şahsyýeti kesgitlemek we hasaba almak ulgamlarynyň kämilleşdirilmegini öz içine alýan toplumlaýyn çemeleşmäniň netijesinde mümkin boldy.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......