Çagalaryň kitap okamaga höwesi peselýär. Pikir soraşmalar 19 ýylda bu görkezijiniň rekord peselendigini görkezýär

  • 08.11.2024 12:32
  • 7k+

Beýik Britaniýanyň Milli sowatlylyk gaznasy (NLT) çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda okamaga bolan gyzyklanmanyň düýpgöter peselendigini mälim etdi.

Barlagyň berýän maglumatlaryna görä, oňa gatnaşan 5-18 ýaş aralygyndaky 76 131 çaganyň diňe 34,6%-i boş wagtlary keýpine kitap okaýar. Bu 19 ýylyň içinde iň pes görkezijidir we 2023-nji ýyldakydan 8,8 göterim pesdir.
2023-nji ýylda çagalaryň 28%-i her gün okapdyr, ýöne 2024-nji ýylda bu görkeziji 20,5%-e çenli kemelipdir. Gyzyklanmanyň peselmegi 2016-njy ýylda başlandy, şonda çagalaryň diňe üçden iki bölegi okamaklyga oňyn garaýardy.
Hasabatda gender tapawudy hem ýüze çykaryldy, ýagny oglanlaryň okamaga gyzyklanmasy  28,2% we gyzlaryňky - 40,5% boldy, ýöne iki jynsyň arasynda hem pese düşüşlik görünýär.
Aýda azyndan bir gezek boş wagtlarynda okaýan çagalar okamagyň dynç almaga (56,6%) we özlerini bagtly duýmaga (41%), umuman täze zatlary öwrenmäge (50,9%) we beýleki adamlaryň garaýyşlaryna (32,8%) düşünmäge we başga medeniýetler barada täze zatlary (32,4%) bilmäge kömek edýändigini aýtdy.
Pikir soraşmanyň netijeleri barada teswir ýazan çagalar ýazyjysy Frenk Kottrell-Boýs okamagyň gymmatly we ösdürilmeli “görünmeýän artykmaçlykdygyny” aýtdy. Gaznanyň hünärmenleri hökümedi çagalaryň arasynda okamaga bolan gyzyklanmany höweslendirmek we ony bilim syýasatynda ileri tutulýan ugra öwürmek  maksady bilen, iş toparyny döretmäge çagyrdy.

düýn 20:14
1.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
666

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
2.8k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
838

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......