Kirpilere ýitip gitmek howpy abanýar: olar Gyzyl kitaba girizildi

  • 01.11.2024 17:00
  • 9.7k+

Tebigaty goramak boýunça halkara bileleşigi (IUCN) kirpileri ýitip gitmek howpy abanýan görnüş hökmünde Gyzyl kitaba girizdi. Gözleglere görä, soňky on ýylda Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesinde kirpileriň sany 16–33% azaldy diýip, The Guardian habar berýär.

Kirpileriň sanynyň azalmagynyň esasy sebäbi şäherleşme hasap edilýär. Şäherleriň köpelmegi kirpileriň tebigy mekanyny ýok edýär, ýol hereketi bolsa olaryň ölümine sebäp bolýar. Mundan başga-da, oba hojalygynda pestisidleriň ulanylmagy kirpileriň esasy iýmit çeşmesi bolan mör-möjekleri zäherleýär.
Ekologlar bu haýwanlary goramak üçin çäre görmäge çagyrýarlar we kirpileriň erkin hereket etmegi üçin haýatlarda deşik ýer goýmagy we pestisidleri ulanmakdan ýüz öwürmegi maslahat berýärler.

düýn 20:49
1.2k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

düýn 14:30
3.5k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

düýn 11:43
1.5k+

Curiosity-niň we Perseverance-iň täze panoramalary Marsyň hemme ýeriniň gyradeň däldigini ýüze çykardy

Curiosity we Perseverance mars rowerleri Ýere täsirli täze panoramalary iberdiler, olarda Marsyň landşaftynyň haýran galdyryjy derejede dürlüdigini aýdyň görkezdi....

düýn 06:43
4.9k+

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......