Nissan ýol başdan geçirmelerini we futboly halaýanlar üçin Project Trailgater pikapyny hödürleýär

  • düýn 23:49
  • 1.2k+
Nissan ýol başdan geçirmelerini we futboly halaýanlar üçin Project Trailgater pikapyny hödürleýär

Nissan täzelenen Frontier Pro-4X-e esaslanýan täze Project Trailgater pikap ulagyny hödürledi. Music City Trucks bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülen bu täsin ulag, ýol başdangeçirmeleri üçin we futbol oýunlaryna tomaşa etmek üçin dürli funksiýalary hödürleýär diýip, 32Cars.ru ýazýar.

Project Trailgater lift-toplumyny, kämilleşdirilen asgyjy, sport amortizatorlaryny we 17 dýuýmlyk Yokohama Geolandar M/T şinaly tekerleri öz içine alýar. Goşmaça faralar we üçegindäki zat salynýan ýeri pikapyň ýolsuz ýerden ýöremek mümkinçiliklerini ýokarlandyrýar.
Project Trailgater-iň esasy elementi onuň göçme dynç alyş giňişligine öwrülmegidir. Ulagyň ýük salynýan ýerinde 43 dýuýmlyk iki telewizor, ses paneli, propan grili we Dometic sowadyjysy bar. Yzky oturgyçlar, litiý-ion batareýasyny we uzak ýerlerde-de futbol oýunlaryny ýaýlymda görmek üçin Starlink hemra aragatnaşyk enjamlaryny ýerleşdirmäge mümkinçilik berýän ýörite plastinka bilen çalşyldy.

Şeýle hem pikap 180 W gün paneli we aşhana bilen üpjün edilendir. Bu şertleriň hemmesi açyk meýdanda oturylyşyklary rahat gurnamak üçin döredildi.
Adaty Frontier wersiýasy 9 basgançakly awtowatiki geçirijisi we doly priwod ulgamy bilen işleýän, 310 at güýjüni öndürýän 3,8 litrlik V6 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr.
Project Trailgater, Nissan-yň beýleki dört konsepsiýasy bilen birlikde indiki aý SEMA sergisinde hödürlener.


06.10.2024 11:38
7.5k+

Täzelenen Nissan Magnite krossoweri 65 ýurtda satylar: bahasy 7 müň dollardan başlaýar

Hindistanda öndürilen Nissan Magnite subkompakt krossoweri bazarda üç ýyl hereket edenden soň, restaýling edildi (durky täzelendi). Çennai zawody modeliň ruly çep tarapdaky görnüşini hem öndürip başlar. Bu bolsa...

03.10.2024 13:14
5.3k+

Tesla Model Y Nissan Leaf-den öňe geçip, Norwegiýada iň geçginli elektrik awtoulagyna öwrüldi

Tesla Model Y uzak wagtlap öňdeligi saklan Nissan Leaf-den öňe geçip, resmi taýdan Norwegiýada iň geçginli elektrik awtoulagyna öwrüldi diýip, Electric Drives-yň maglumatlaryna salgylanýan Teslarati habar berýär...

15.09.2024 17:51
18k+

Nissan Qachqai 65 metr belentlikden zyňyldy: ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Nissan awtoöndürijisiniň Ýewropa bölümçesi Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alnan täze rekord barada habar berdi. Berk tanapda asylan içi adamly Nissan Qachqai krossoweri 65 metr belentlikden aşak zyňyldy. Bu...

08.09.2024 16:20
6.5k+

Nissan kaşaň dizaýnly we 425 at güýji bolan Armada 2025 wnedorožnigini hödürledi

Nissan has uly, has güýçli we tehnologiki taýdan has ösen üç hatarly Armada 2025 awtoulagyny hödürledi diýip,  Motor1 habar berýär. Bu model täzelenen dizaýn, ýokary tehnologiýaly interýer we täze hereketlendiriji...