Afrikada goraghanada “Şa ýolbars” multfilminden hakyky Timon we Pumba tapyldy

  • şu gün 16:17
  • 8.9k+
Afrikada goraghanada “Şa ýolbars” multfilminden hakyky Timon we Pumba tapyldy

Günorta Afrikada ýerleşýän Namibiýanyň goraghanasynda iki sany haýwan dostlaşdy: ýabany doňuz Betsi we surikat Jerri. Bu haýwanlar derrew internet torunda ýaýrap, ulanyjylara “Şa ýolbars” multfilminiň gahrymanlary Timon bilen Pumbany ýatlatdy.

Bu haýwanlar bilen wideolary trewel-bloger Ruben Lambrehts sosial ulgamlardaky sahypasynda ýerleşdirýär. Şeýle-de, Betsi bilen Jerriniň gatnaşmagyndaky wideolary “Bild” neşiri paýlaşdy.
Multfilmiň gahrymanlary ýaly haýwanlar iň gowy dostlar boldy. Wideolardan görnüşi ýaly, olar bilelikde wagt geçirmegi, biri-biri bilen oýnamagy gowy görýärler. Aýratynam, Jerri Betsiniň arkasynda oturmagy halaýar.
Mundan başga-da, haýwanlar goraghananyň beýleki ýaşaýjylary bilen hem gowy oňuşýarlar. Olar öý haýwanlary däldigine garamazdan, adamlardan asla gorkmaýan ýaly.
Bellenilişi ýaly, olar indi ýabany tebigata dolanyp bilmeýärler, ýöne öz tebigy ýaşaýyş gurşawyna ýakyn ýerde wagtlaryny geçirýärler, bu goraghanada olar barada alada edilýär.


01.08.2024 17:19
11k+

Günorta Afrikada egri boýunly žiraf tapyldy

Krýugeriň milli seýilgähinde (Günorta Afrika) boýnunyň adatdan daşary deformasiýasy bolan žiraf tapyldy. Egrem-bugram boýunly žirafy bloger Linn Skott görüpdir diýip, Live Science ýazýar. Hünärmenler henizem bu...

11.04.2024 08:00
13k+

Britaniýaly zyýanly endiklerinden saplanmak üçin tutuş Afrikany ylgap geçdi

Britaniýaly Rass Kuk GAR-daky Iňňe burnundan Tunisdäki Anjela burnuna çenli tutuş Afrikany ylgap geçen ilkinji adam boldy. 352 günüň dowamynda ol 16 ýurdy kesip geçip, 16 300 km ýol geçdi. Bu barada The Guardian...

şu gün 16:15
1k+

Disney Demir adam hakda çagalar multserialyny çykarar

Disney Demir adam hakyndaky çagalar animasion serialynyň üstünde işleýär. Ol “Demir adam we onuň ajaýyp dostlary” ady bilen çykar diýip, Variety neşiri habar berýär. Önümçilikde bolan multserialda ýaş Toni Stark...

şu gün 15:30
2.9k+

YouTube täzelenme çykardy: näme üýtgeşme bar?

YouTube ykjam, web we teleýaýlym programmalary üçin birnäçe täze funksiýalary öz içine alýan giň möçberli täzelenme çykardy diýip, TechCrunch habar berýär. Esasy üýtgeşmeleriň biri - sesiň çykyş tizligine has takyk...