Messi milli ýygyndylaryň bombardirleriniň sanawynda ikinji orna çykdy

  • 16.10.2024 19:02
  • 13k+

Argentinaly futbolçy Lionel Messi Boliwiýanyň toparyna garşy dünýä çempionatynyň saýlama oýnunda öz hasabyna het-trik ýazyp, milli ýygyndylaryň bombardirleriniň sanawynda arassa ikinji orna çykdy. Duşuşyk 6:0 hasabynda tamamlandy.

Messi hasabynda milli topar üçin 109 gol bolan eýranly Ali Daeiden öňe geçdi. Indi Messiniň hasabynda 112 gol bar. Iň gowy bombardir portugaliýaly Kriştianu Ronaldu bolup, onuň hasabynda 133 gol bar.
Şeýle-de, bu oýunda Messi Luis Suaresiň rekordyny täzeledi. Ol üç gol bilen bir hatarda iki assist etdi. Netijede, ol Günorta Amerikada DÇ-niň saýlama oýnunda bäş netijeli hereket eden ilkinji oýunçy boldy. 2011-nji ýylda urugwaýly Luis Suares Çili bilen oýunda dört netijeli hereket bilen tapawutlanypdy.
2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynda Argentina Günorta Amerika zolagynda birinji orny eýeleýär. Indiki oýunda argentinalylar Paragwaý bilen duşuşar.


düýn 16:49
5.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.5k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.6k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....