Ekseter uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) barlagçylary soňky onýyllyklaryň dowamynda Antarktidada ösümlikleriň has çalt ösýändigini mälim etdiler, diýip Eurekalert habar berýär.
Hemra arkaly synlaýyş maglumatlarynyň seljermesi 1986-njy ýyldan bäri ösümlikleriň eýeleýän meýdanynyň 1 inedördül kilometrden 12 inedördül kilometre çenli köpelendigini görkezdi. Gök zolaklaryň aýratyn ösüşi (30%) 2016-njy ýylda hasaba alyndy.
Antarktidanyň umumy meýdanynyň 500 müň inedördül kilometre barabardygyna garamazdan, alymlar gök zolaklaryň köpelmegi barada alada edýärler. Hünärmenler muny, planetanyň beýleki ýerlerine garanyňda, global ýylamanyň bu ýere has köp täsir edýänligi bilen baglanyşdyrýarlar.
Alymlar keseki ösümlik görnüşleriniň Antarktidanyň täsin ekosistemasyna aralaşmagy we oňa ep-esli zyýan ýetirip biljekdigi barada alada edýärler.