Ýamal täze adidasyň ýüzi. “Barselonanyň” oýunçysynyň öz logotipi we butsylar hatary bolar

  • şu gün 19:01
  • 1.9k+
Ýamal täze adidasyň ýüzi. “Barselonanyň” oýunçysynyň öz logotipi we butsylar hatary bolar

“Barselonanyň” 17 ýaşly wingeri Lamin Ýamal Adidas-yň täze ýüzi bolar. Ispaniýaly futbolçy 2024-nji ýylyň fewralynda sport eşikleri we aýakgap öndürijisi bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşdy diýip, Footy Headlines ýazýar.

Çeşmäniň berýän habaryna görä, Adidas-yň ýolbaşçylaryny Ýamalyň çykyşy haýran galdyrdy. Kompaniýa ony brendiň ýüzi etmek kararyna geldi.
Ispaniýanyň ýygyndysynyň futbolçysynyň öz butsylar hatary, şeýle hem Lionel Messiniňki, Jud Bellingemiňki we beýleki ýyldyzlaryňky ýaly şahsy logotipi bolar.


düýn 10:26
6.9k+

Braziliýa finalda Argentinany ýeňip, altynjy gezek futzal boýunça dünýäniň çempiony boldy

Özbegistanda futzal boýunça dünýä çempionaty tamamlandy. Ýaryşyň jemleýji oýnunda Braziliýanyň ýygyndysy Argentinanyň toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Ýeňijilerden Ferrao (6-njy minut) we Rafa Santos (13-nji minut)...

07.10.2024 23:51
7.9k+

Kriştianu Ronaldu top-diwizionlarda 600 gol görkezijisine ýeten ilkinji futbolçy boldy

“Al-Nasryň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu ýokary derejede özüniň 600-nji goluny geçirdi. Ol Saud Arabystanynyň çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň “Al-Oruba” toparyna garşy oýnunda tapawutlandy. Oýun “Al-Nasryň” peýdasyna...

05.10.2024 11:57
4.8k+

FIFA Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylar üçin goşmaça transfer penjiresini açar

FIFA-nyň geňeşi 2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda transfer düzgünlerine wagtlaýyn üýtgeşmeleri girizmäge taýýar. Bu çäreler futbolçylara şertnamalary tamamlanmazdan öň kluby üýtgetmäge mümkinçilik...

03.10.2024 23:34
8.7k+

Salah Çempionlar ligasynyň taryhynda Drogbadan öňe geçip, iň köp gol geçiren afrikaly oýunçy boldy

“Liwerpulyň” müsürli hüjümçisi Mohammed Salah Çempionlar ligasynyň taryhynda iň köp gol geçiren afrikaly futbolçylaryň sanawynda birinji orunda durýar. Penşenbe güni gije  (Aşg. wagty) futbolçy Ýewropanyň esasy...