Messi we Suares “Inter Maýami” bilen möhletinden ir MLS möwsüminiň çempiony boldy

  • 03.10.2024 14:24
  • 14k+

“Inter Maýami” futbol kluby myhmançylykda “Kolambus Krýudan” üstün çykyp, MLS-iň yzygiderli möwsüminiň çempiony titulyny möhletinden ir gazandy. Duşuşyk Kolambusdaky “Mapfre Stedium” stadionynda geçirilip, 3:2 hasabynda tamamlandy.  

Ýeňijileriň düzüminde “Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi iki gol geçirdi, ýene bir goly toparyň başga bir ýyldyzy – urugwaýly Luis Suares girizdi.
“Kolambus Krýudan” Diego Rossi we Kuço Ernandes (penaltiden) gol bilen tapawutlandy. 63-nji minutdan ýer eýeleri Rudi Kamaşo meýdançadan çykarylandan soň azlykda oýnadylar.
Bu ýeňşiň netijesinde “Inter Maýami” 68 utuk toplady we bu hem oňa çempionatyň gutarmagyna iki tapgyr galanda möhletinden ir Supporters’ Shield baýragyny almaga mümkinçilik berdi. Topar Gündogar konferensiýasynda birinji orunda barýar, ol ýakyn bäsdeşinden 11 utuk öňde.
Topar üçin indiki tapgyr MLS Kubogynyň pleý-offuna gatnaşmak bolar, bu ýerde 18 topar – Günbatar we Gündogar konferensiýalarynyň her birinden dokuz topar bäsleşýär.
Çempionatdaky ýeňiş “Inter Maýamä” KONKAKAF Çempionlar ligasyna-da ýollamany üpjün etdi.
Indiki tapgyrda “Inter Maýami” “Toronto” bilen duşuşar.


düýn 16:49
6.1k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.7k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.8k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....