Ýamal Çempionlar ligasynda Ansu Fatiden soň ikinji iň ýaş bombardir boldy

  • 20.09.2024 17:46
  • 8.7k+

“Barselonanyň” hüjümçisi Lamin Ýamal Çempionlar ligasynyň taryhynda ikinji iň ýaş bombardir boldy. Ispaniýaly futbolçy toparlaýyn tapgyryň “Monako” garşy birinji tapgyr oýnunda ýaryşda ilkinji goluny geçirdi. Ol şol wagt 17 ýyl 68 gün ýaşyndady.

Bu görkeziji boýunça birinji orny esasy ýewropa ýaryşynda ilkinji goluny 17 ýyl 40 gün ýaşynda geçiren klubdaşy Ansu Fati eýeleýär.
Mundan başga-da, Ýamal 17 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda Çempionlar ligasynda geçiren oýunlarynyň sany boýunça rekord goýdy. Häzirki wagtda ol ýaryşda Jud Bellingem, Ýuri Tilemans we Uorren Zair-Emeri ýaly oýunçylardan has köp oýna gatnaşdy. Bu ýyldyzlaryň her biriniň hasabynda 10 oýun bar.
Ýamalyň şahsy üstünligine garamazdan, oýun “Barselonanyň” 1:2 hasabynda utulmagy bilen tamamlandy. “Monakonyň” düzüminde gol bilen Manes Akliuş (16-njy minut) we Jorj Ilenihena (71-nji minut) tapawutlandy. Belläp geçsek, “Barselona” eýýäm oýnuň onunjy minutynda azlykda galdy – emin düzgün bozma üçin toparyň goragçysy Erik Garsiýa gyzyl duýduryş berdi.


düýn 15:42
5.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......