Terminator doktor boldy: Arnold Şwarsenegger doktorlyk derejesine eýe boldy

  • 19.09.2024 10:02
  • 15k+

Amerikaly aktýor we syýasatçy Arnold Şwarsenegger howanyň üýtgemegine garşy alnyp barylýan göreşe we raýat jemgyýetiniň ösmegine goşan goşandy üçin Berliniň hususy Hertie School uniwersitetinde doktorlyk derejesini aldy diýip, TASS habar berdi.

Dabarada Şwarseneggeri Germaniýanyň wise-kansleri Robert Habek gutlap, ony göreldäniň nusgasy diýip atlandyrdy. Habek Şwarseneggeriň syýasy ýagdaýlara däl-de, elmydama öz gymmatlyklaryna esaslanandygyny nygtady. Hususan-da, ol aktýoryň Kaliforniýada gubernator bolan wagty gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek boýunça eden işlerini belläp geçdi.
Şwaseneggeriň özi bolsa, zähmetine berlen ýokary baha üçin minnetdarlyk bildirdi. 

düýn 14:43
7.1k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

14.05.2026 18:54
5.1k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
2.2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......