Ýandeks robotlaryň satuwyny giňeltmek üçin aýratyn kompaniýa döretdi

  • 14.09.2024 14:13
  • 6.8k+

Ýandeks kompaniýasy täze ýuridiki şahs: “Ýandeks Robotiks” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetini döretdi. Täze kompaniýa 11-nji sentýabrda hasaba alyndy, onuň düzgünnama kapitaly 1 mln rubla barabar. Kompaniýanyň baş müdiri hökmünde Iwan Kalinow bellendi diýip, IXBT ýazýar.

Täze kompaniýa robotlary satmak işiniň gerimini giňeltmek maksady bilen döredildi. Robototehnika topary robotlary döretmegi we “Marketiň” ammar amallary üçin programma üpjünçiligini işläp taýýarlamagy, şeýle-de öz çözgütlerini beýleki kompaniýalara hödürlemegi dowam etdirer.
Mysal üçin, öň “Lemana pro” kompaniýasy bilen bilelikde ammar amallaryny awtomatlaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslama işe girizildi. Şeýle-de, robototehnika topary Russiýanyň kompaniýalary bilen ýene üç synag taslamasyny alyp barýar.

düýn 20:49
1.2k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

düýn 14:30
3.6k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

düýn 11:43
1.6k+

Curiosity-niň we Perseverance-iň täze panoramalary Marsyň hemme ýeriniň gyradeň däldigini ýüze çykardy

Curiosity we Perseverance mars rowerleri Ýere täsirli täze panoramalary iberdiler, olarda Marsyň landşaftynyň haýran galdyryjy derejede dürlüdigini aýdyň görkezdi....

düýn 06:43
4.9k+

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......