Amerikanyň ýaşaýjysy 100 müň dollarlyk meteoriti bahasyndan habarsyz 30 ýyllap gapysyna söýeg edip ulandyr

  • şu gün 08:57
  • 4.6k+
Amerikanyň ýaşaýjysy 100 müň dollarlyk meteoriti bahasyndan habarsyz 30 ýyllap gapysyna söýeg edip ulandyr

ABŞ-nyň Miçigan ştatynyň ýaşaýjysy 30 ýyllap gapysyna söýeg hökmünde bir daş ulanypdyr. Şol daşyň 100 müň dollarlyk meteoritdigi onuň aklyna hem gelmändi. Bu waka barada LADBible neşirinde gürrüň berilýär.

Ol adam 1988-nji ýylda bir daýhandan jaý satyn alypdyr. Şol wagt gapyň agzynda duran daş onuň ünsüni çekipdir. Ol daşyň gelip çykyşy barada soranda, satyjy onuň 1930-njy ýyllarda tapylan meteoritdigini aýdypdyr.
Daýhan: "Ol ýere degende güýçli ses etdi".
Daýhan meteoriti tapanda, ol heniz sowaman eken. Ol asman jismini öýüne getirip, ony 1988-nji ýylda jaýyň täze eýesine gowşurýança saklady.
Ýaňy ýakynda jaýyň eýesi daşyň gymmatyny bilmek kararyna gelip, ony bahalandyrmaga alyp gidipdir.


Geologiýa mugallymy Monaliza Sirbesku meteoriti mikroskopda öwrenip, onuň 88% demirden we 12% nikelden ybaratdygyny anyklady. Ol: “Bu nusga, meniň elimde saklap gören maddy we ylmy taýdan iň gymmatly nusgamdyr. Pikir edip görüň, meniň elimde saklaýan zadym, ilkinji Gün sistemasynyň elimize düşen bölegidir" – diýdi.

Meteorit tapylan ýeri mynastbetli Edmor diýlip atlandyryldy.


şu gün 11:43
661

ABŞ-da tupan zerarly zyýan ýeten 22 gatly gökdirän binany birnäçe sekundyň içinde ýok edildi

7-nji sentýabrda Luiziana ştatynyň Leýk-Çarlz şäherinde 22 gatly Hertz Tower gökdirän binasyny ýykyp aýyrdylar. Bina dolandyrylýan partlamalaryň kömegi bilen ýykyldy diýip, “Wokrug sweta” habar berýär. Mundan 40...

düýn 10:48
18k+

Missisipi ştatynda awçylar läheň alligator tutdular

Missisipi ştatynda awçylar uzynlygy 4,27 m, agramy 363,78 kg bolan ullakan  alligatory tutdular. Äpet süýrenijini Missisipi we Luiziana ştatlaryndan akyp geçýän Ýazu derýasynda alty awçy bolup tutdular diýip, Daily...

07.09.2024 17:11
20k+

Ikinji jahan urşy sebäpli okuwyny kesmeli bolan amerikaly aýal 99 ýaşynda orta bilim hakynda şahadatnama aldy

ABŞ-nyň Ogaýo ştatyndan 99 ýaşly Jorjiýa MakGarri orta bilim hakynda şahadatnamasyny aldy. Jorjiýa Ikinji jahan urşy döwründe maşgalasynyň maddy kynçylygy sebäpli, 11-nji synpda mekdebi taşlamaga mejbur boldy diýip...

05.09.2024 11:30
9.3k+

ABŞ-da köprüler adatdan daşary howa şertleri sebäpli ýumrulmak howpunyň astynda

ABŞ howanyň üýtgemegi netijesinde köpri infrastrukturasynda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Köprüleriň dörtden bir bölegi 1960-njy ýyldan öň guruldy we abatlaýyş işlerine mätäç, ýöne adatdan daşary yssy we ýygy...