“Barselonanyň” öňki oýunçysy Depaý karýerasyny Braziliýanyň “Korintiansynda” dowam etdirer

  • 10.09.2024 10:41
  • 5.2k+

Erkin agent bolan 30 ýaşly niderlandly hüjümçi Memfis Depaý Braziliýanyň “Korintians” kluby bilen şertnama baglaşdy. Brazil kluby muny resmi taýdan tassyklady diýip, euro-football.ru tassyklaýar.

Çeşmäniň berýän habaryna görä, şertnama 2026-njy ýylyň tomsuna çenli baglaşyldy. “Korintiants”-da boljak 28 aýynyň dowamynda Depaý 11,3 million ýewrodan gowrak girdeji gazanar.
Meşhur žurnalist Fabrisio Romano 8-nji sentýabrda futbolçynyň lukmançylyk synagyndan üstünlikli geçendigini habar berip, X sosial ulgamyndaky (öňki Twitter) maglumaty tassyklady.
Depaýyň soňky kluby bolan Madridiň “Atletikosyndan” 2024-nji ýylyň iýulynda çykyp gaýdypdy. Niderlandly türgen 2021-nji ýyldan 2023-nji ýylyň ýanwaryna çenli aralykda "Barselonada" çykyş etdi. Bu döwürde ol 42 oýunda 14 gol geçirdi.


düýn 15:42
6.7k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......