Jokowiç ATP reýtinginiň ilkinji üçlüginden çykdy

  • 09.09.2024 22:00
  • 3.2k+

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň (US Open) çempiony titulyny gorap bilmänsoň, Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginiň ilkinji üçlüginden çykdy. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Reýtingiň ilkinji üç setirini italiýaly Ýannik Sinner, germaniýaly Aleksandr Zwerew we ispaniýaly Karlos Alkaras eýeleýär.
“Uly tuwulga” ýaryşlarynda titul sany boýunça (24 ýeňiş) rekord eýesi Jokowiç (Margaret Kort bilen birlikde) dördünji setire düşdi.
Karýerasynyň dowamynda serbiýaly tennisçi ATP ýaryşlarynda 99 ýeňiş gazandy, şolaryň 98-isi ýekelikdedir.


düýn 12:41
1.7k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.4k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....