Magnus Karlsen çalt oýnalýan küşt boýunça dünýä çempionatynda ýeňiji boldy

  • 09.09.2024 21:52
  • 4.4k+

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen çalt oýnalýan küşt boýunça dünýä çempionatynda ýeňiji boldy. Ýaryşyň finalynda ol 23,5-7,5 utuk bilen fransuz grossmeýsteri Alireza Firujy ynamly ýeňdi.

Duşuşykda Karlsen ilkinji oýunlardan başlap agalygy öz eline aldy we barha artykmaçlygyny artdyrdy. Ol ýeňşinden soň, sosial ulgamlarda bu barada ýazan teswirinde: "Biraz tizlik görkezdim" – diýip belledi.
Karlsen finala barýarka çempionatyň iň köp garaşylýan oýunlarynyň birinde amerikaly küştçi Hans Nimandan üstün çykyp, ýeňiji boldy. Ondan öň Karlsen Nimany aldawçylykda (adalatsyz oýnamakda) aýyplap, onuň bilen oýnamakdan ýüz öwrüpdi, ýöne ýarym finalda oňa bäş utuk artykmaçlyk gazanmak başartdy.

düýn 23:07
5.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
4.1k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
7.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
2k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......