Tumba görnüşinde ýygnap bolýan eplenýän telewizor tanyşdyryldy

  • 01.09.2024 17:48
  • 6.1k+

ZAwstriýanyň öň 201 dýuýmlyk ýygnalýan meýdan telewizory bilen meşhurlyk gazanan C SEED Entertainment Systems kompaniýasy telewizoryň jaýda ulanmaga niýetlenen  täze modelini hödürledi diýip, Hi-Tech Mail habar berýär.

C SEED N1 - bu ýygnalanda polda goýulýan tumba öwrülýän we açylanda bolsa 103, 137 ýa-da 165 dýuým diagonally ullakan ekrana öwrülýän telewizor.
Telewizoryň gurluşy özboluşly: bäş sany MicroLED paneli “gülleýän gül ýaly” açylmak bilen, ekrany 3 metr beýiklige galdyrýar. Öwrülme prosesi bary-ýogy 45 sekunt wagt alýar.
C SEED dizaýna aýratyn ähmiýet berýär: müşderiler tumbanyň telewizoryň islendik içeride gelşikli ýerleşmegine mümkinçilik berýän stilini saýlap bilerler. "Biz diňe bir ululygy bilen täsir galdyrman, eýsem daş-töweregine gelşik berýän telewizory döretmek isledik" – diýip, kompaniýada bellediler.

C SEED N1-iň tehniki häsiýetnamasy

 

  • Displeýiň diagonaly: islege görä, 103, 137 ýa-da 165 dýuým
    Matrisanyň görkezijileri: durulygy 4K, ýagtylygy 1000 nit (103 üçin 800 nit), 64 milliard reňki görkezmek, RWK goldawy 10+, PWM 3840 Gs, kontrast gatnaşygy 30 000: 1, gözýetim meýdany 170/170 dereje;
    Ses: 250 W-lyk iki dinamika + subwufer 700 Wt;Baglanyşyklary: HDMI 2.0, DisplayPort 1.4, 2xUSB, ses çykaryjy, Ethernet;
  • Aýratynlyklary: AV-resiwer 9.2, telewizoryň aýlanyşy 180 gradus sagat diliniň tersine ýa-da 90 dereje saga / çepe;
  • Agramy: ýokarda görkezilen diagonallara görä, degişlilikde 420 kg, 680 kg we 900 kg.

C SEED N1-iň bahasy çak bilen190 müň dollar.
C SEED N1 Berlinde IFA 2024 halkara sergisiniň öňüsyrasynda görkezildi.

düýn 20:49
1.2k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

düýn 14:30
3.6k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

düýn 11:43
1.6k+

Curiosity-niň we Perseverance-iň täze panoramalary Marsyň hemme ýeriniň gyradeň däldigini ýüze çykardy

Curiosity we Perseverance mars rowerleri Ýere täsirli täze panoramalary iberdiler, olarda Marsyň landşaftynyň haýran galdyryjy derejede dürlüdigini aýdyň görkezdi....

düýn 06:43
4.9k+

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......