Fokus, k-pop, teatr we sirk: 1-nji sentýabrda Aşgabatda nirä gidip bolar?

  • 29.08.2024 01:07
  • 5k+

"Türkmenistan" kinokonsert merkezi 1-nji sentýabrda Aşgabadyň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary üçin täsirli şüweleňleri taýýarlady.

12:00-da BTS k-pop toparynyň konsertiniň wideogörkezilişi bolar. Ol Black Fire tans toparynyň çykyşy bilen utgaşdyrylar. Koreý boý-bendiniň muşdaklary üçin söýgüli aýdymlarynyň dünýäsine aralaşmagy üçin bu ajaýyp mümkinçilik bolar.


17:00-da "Biz we çagalar" atly illýuziýa şüweleňi bolar. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tomaşaçylara täsirli fokus çykyşlary we jadyly emeller görkeziler.
Teatr sungatynyň muşdaklary üçin bolsa, Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky rus drama teatry ähli ýaşdakylar üçin sahnalary taýýarlady.
1-nji sentýabrda sahnada S.Astrahansewiň pýesasy esasynda "Gyzyl şyrdajyk" oýny görkeziler (11:00 we 13:00). 19:00-da bolsa O.Wolkowyň we M.Mämmetkurbanowyň pýesasy esasynda "Türkmenleriň bagty" atly oýun görkeziler.
1-nji sentýabrda şeýle hem Aşgabatdaky Türkmenistanyň Döwlet sirki hem täze möwsümini açar. Sirk maksatnamasyna dürli görnüşli çykyşlar, haýwanlaryň täsin oýunlary girer.
Bu möwsümde tomaşaçylar meşhur "Galkynyş" at üstündäki oýunlar toparynyň, "Türkmen jigitleri" toparynyň, şeýle hem "Gündogar ýyldyzlar" toparynyň ýaş zehinleriniň çykyşlaryna tomaşa edip bilerler.
Çykyşlar 18:00-da başlanar. Biletleri sirkiň kassasyndan alyp bolar.
Goşmaça maglumaty sirk.gov.tm saýtyndan ýa-da telefonlar arkaly alyp bolar: 36-10-9536-10-34.
1-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki hem täze sirk möwsüminiň açylyş dabarasy mynasybetli sagat 15:00-da täsin sirk çykyşlaryny hödürleýär.


12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.8k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.8k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....