Messiniň we Ronaldunyň goly goýlan özboluşly kartoçka auksiona çykaryldy

  • 24.08.2024 17:12
  • 22k+

Topps kompaniýasynyň Lionel Messiniň we Kriştianu Ronaldunyň awtograflary bolan özboluşly futbol kartoçkasy auksiona çykaryldy. Kartoçka seýrek duş gelýän “Topps Messi-Ronaldo Dual Auto 1/1 Superfractor card” toplumynyň bir bölegi bolup, iki futbolçynyň-da goluny saklaýar diýip, Goal neşirine salgylanyp, Daily Sports habar berýär.

Bedfordşirden Raýan atly kolleksioner kartoçkanyň üstünden tötänleýin baryp, ony 27 funt sterlinge ($35) satyn aldy. Soň bolsa onuň has gymmatlydygy belli boldy.

“Bu örän haýran galdyrdy. Men tapanymdan soň 30 minutyň içinde 45 müň funt sterling we ondan ýokary teklip alyp başlaýançam, onuň şeýle derejede gymmatlydygyny bilmändim. Bu sýurrealistik 24 sagat boldy” – diýip, Raýan gürrüň berýär.

Messiniň we Ronaldunyň goly bolan goşa kartoçka auksionda 3-nji sentýabrda satylar. Onuň bahasynyň 75 000 – 100 000 funt sterling bolmagyna garaşylýar. 


düýn 22:49
4.3k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
9k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......