Madridiň “Realy” Şarlott şäheriniň simwoliki açaryny aldy

  • 06.08.2024 21:27
  • 3.9k+

Ispaniýanyň Madridiň “Realy” futbol kluby Şarlott amerikan şäherinde aýratyn sylaga mynasyp boldy. Dabarada klubuň wekilleri şäherden simwoliki açary kabul etdiler. Bu barada toparyň resmi saýtynda habar berilýär.

Dabara Şarlott-Meklenburg hökümet merkezinde geçirildi, bu ýerde “Realyň” wekiliýetini ýerli häkimiýet mähirli garşylady. Wekiliýetiň düzümine halkara institusional gatnaşyklar müdiri Emilio Butragenýo, professional futbol boýunça müdir Santýago Solari we madridlileriň öňki goragçysy Roberto Karlos girdi.

Açaryň gowşurylyş dabarasyny Şarlottyň häkiminiň wezipe borçlaryny ýerine ýetiriji Dante Anderson geçirdi. Minnetdarlygyň we hormatyň nyşany hökmünde “Realyň” wekilleri hanym Andersona klubuň öý stadionynyň kiçi nusgasyny sowgat berdiler.

Bu waka 7-nji awgustda geçiriljek ýoldaşlyk oýnuny habar berýär. Madridiň “Realy” Şarlottda Angliýanyň “Çelsi” kluby bilen oýnar, bu hem ýerli janköýerler üçin täsirli waka öwrüler.


düýn 13:03
11k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
8.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
5.8k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

16.06.2026 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....