Ançelotti: “Real” karýeramda iň soňky klub bolup biler

  • 05.08.2024 13:19
  • 5k+

Madridiň “Realynyň” baş tälimçisi Karlo Ançelotti bu klubuň karýerasynda iň soňky bolup biljekdigini aýtdy. Muny ESPN ýetirýär. Italiýaly hünärmeniň klub bilen şertnamasy 2026-njy ýylyň tomsuna çenli hereket edýär.

“Meniň pikirimçe, “Real” [tälimçilik karýeramda] iň soňky klubum bolar. Milli ýygynda tälim bermek mümkinçiligi babatynda bilemok. Meniň üçin milli topar bilen işleşmek pikiri göwnejaý däl, sebäbi bu meniň iň gowy görýän zadymy – her gün işlemek mümkinçiligimi ýitirjekdigimi aňladýar. Men edýän zadymy, hakykatdanam, gowy görýärin” – diýip, Ançelotti Obi One podkastynda aýtdy.

65 ýaşly Ançelotti “Reala” 2013 – 2015-nji ýyllarda tälimçi boldy we 2021-nji ýylda kluba gaýdyp geldi. Ol 29 ýyllyk tälimçilik karýerasynyň dowamynda köp üstünlik gazandy, ýöne köp tituly ýitirendigini hem belledi.


düýn 13:03
11k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
8.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
5.8k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

16.06.2026 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....