5-0: “Beşiktaş” “Galatasaraýy” utup, Türkiýäniň Super Kubogyny aldy

  • 04.08.2024 14:58
  • 6.5k+

3-nji awgustda “Galatasaraý” bilen “Beşiktaş” klublarynyň arasynda Türkiýäniň Super Kubogy ugrundaky oýun geçirildi. Toparlar Stambuldaky “Atatürk Olimpýat” stadionynda duşuşdylar. Oýna badalga beriji jürlewük Aşgabat wagty bilen 22:45-de ýaňlandy. Gara-aklar 5:0 hasabynda uly ýeňiş gazandylar.

“Beşiktaş” oýnuň eýýäm birinji minutynda öňe saýlandy. Norwegiýaly goragçy Ýonas Swenssonyň topy geçirmeginde italiýaly hüjümçi Çiro Immobile gol saldy. 61-nji minutda bolsa Swenssonyň özi “Galatasaraýyň” derwezesine gol girizdi. 80-nji minutda Immobile 11 metrlik urgudan ikinji goluny geçirdi. 90+1-nji minutda Rafael Silwa toparyň hasabyna dördünji goly ýazdy. Ýene bir minutdan soň Mustafa Hekimoglu hasaby 5:0 etdi.
Belläp geçsek, 2023/2024 möwsüminiň jemi boýunça “Galatasaraý” 38 oýunda 102 utuk gazanyp, Türkiýäniň çempiony boldy. “Beşiktaş” geçen möwsümde Türkiýäniň Kubogynyň eýesi boldy, ol final oýnunda “Trabzonspory” 3:2 hasabynda utdy.


düýn 15:58
8.9k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
4.8k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.1k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......