Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine ilaty göçürip getirmek bilen bagly işleri dowam etdirmegi tabşyrdy

  • 29.07.2024 21:24
  • 10k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine ilaty göçürip getirmek bilen bagly işleri dowam etdirmegi tabşyrdy

Şenbe güni Arkadag şäherinde geçiren iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ilaty Arkadag şäherine göçürip getirmek meselelerine örän jogapkärçilikli, hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy.

Maslahatyň barşynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde täze şäheriň ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek bilen baglanyşykly işleriň talabalaýyk derejede dowam etdirilýändigi we bu işleriň yzygiderli üns merkezinde saklanylýandygy barada aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow şäherde abadanlaşdyryş işleri bilen bir hatarda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, olary göçürip getirmek meselelerine örän jogapkärçilikli, hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň aýdyň mysaly bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler şähergurluşyk maksatnamasynyň ýokary görkezijilerine doly laýyk gelýär. Ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäher derejesine eýe bolan döwrebap şäheriň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagy taslama taýýarlaýjylara we gurluşykçylara bildirilýän esasy talapdyr.
Arkadag şäheriniň ýaşlaryň hem-de döredijiligiň şäheridigini, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işlerinde döwrüň döredijilik mümkinçilikleriniň we ýaşlaryň täzeçil garaýyşlarynyň öz beýanyny tapmalydygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurda alnyp barylýan işleri üstünlikli dowam etmegi tabşyrdy.


şu gün 16:31
2.7k+

Aziýa ösüş banky Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň täze strategiýasyny yglan etdi

Aziýa ösüş banky 2024-2028-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň täze strategiýasyny işe girizýändigini yglan etdi. Bu strategiýa - hereketlendiriji güýji innowasion hususy telekeçilik bolan bäsdeşlige...

şu gün 14:44
1.1k+

Türkmenistan we TÜRKSOÝ bilelikdäki çäreleriň guralyşy bilen bagly meseleleri maslahatlaşdy

3-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ...

şu gün 14:18
2.1k+

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Sanly okuw hepdeligine gatnaşýar

Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Sanly okuw hepdeligi 2024 badalga aldy. Bu ýyl hepdelik «Bilim üçin dolandyrylýan tehnologiýalar» atly şygar astynda geçirilýär diýip, Türkmenistanyň DIM-inde habar...

düýn 13:03
3.9k+

Aşgabatdaky TIF-2024 maýa goýum forumyna 35 ýurtdan 350-den gowrak wekil gatnaşar

Aşgabat 10-11-nji sentýabrda geçiriljek TIF-2024 Maýa goýum forumyny kabul etmäge taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň we SÖwda-senagat edarasynyň guramagynda...