“Jeýms Uebb” kosmos teleskopyndan geçirilen täze gözegçilikler Uranyň hemrasy Arielde ep-esli möçberde kömürturşy gazyny tapdy. Bu açyş Arieliň üstki gatlagynyň aşagynda gizlenip ýatan ummanyň bolmagynyň mümkindigini görkezýär diýip, Astrobiology habar berýär.
Arielde, esasanam, onuň “arka ýüzündäki ýarym şarynda” kömürturşy gazynyň adatdan daşary köp bolmagy alymlary haýran galdyrdy. Günden şeýle uzak aralykda, temperaturanyň aşa pes şertlerinde kömürturşy gazy kosmosda aňsatlyk bilen bugarýar.
Barlarçylaryň pikirine görä, kömürturşy gazy Arieliň üstüne emeli hemranyň çuňlugyndan gelip biler. Täze spektral gözegçilikler diňe suw bilen dag jynslarynyň täsirleşmegi netijesinde emele gelip bilýän karbonat minerallarynyň bardygyny görkezýär.
Bu açyş beýleki gözegçilikler bilen birlikde, Arieliň geologiki taýdan ozal pikir edilişinden has işjeň bolup biljekdigini görkezýär. Barlagçylar kömürturşy gazynyň we beýleki gazlaryň buz gatlagynyň çat açmagy ýa-da gazlaryň özüniň atylyp çykmagy netijesinde üstki gatlaga çykyp biljekdigini aradan aýyrmaýarlar.
Alnan maglumatlar Urany we onuň hemralaryny öwrenmegiň möhümdigini görkezýär. Planetar ylmy jemgyýet häzirki wagtda Urana bu syrly buz ägirdi barada has jikme-jik maglumat berjek ilkinji missiýasyny işjeň taýýarlaýar.