UEFA Ýewro-2024-üň netijesi boýunça ýedi milli topara jerime saldy

  • 27.07.2024 10:17
  • 14k+

UEFA-nyň Düzgün-nyzam komiteti Ýewropa çempionaty – 2024-de janköýerleriň özüni alyp baryşlary üçin ýedi milli federasiýa jerime saldy diýip,  “Çempionat” portaly habar berýär.

Ýagny, Horwatiýanyň, Serbiýanyň, Albaniýanyň, Sloweniýanyň, Rumyniýanyň, Awstriýanyň we Wengriýanyň milli ýygyndylaryna “janköýerleriň jynsparazlyk we hukuk kemsidiji hereketleri sebäpli” jeza berildi. Şeýle düzgün bozmalar üçin iň uly jerimäni Horwatiýanyň milli ýygyndysy aldy, ol 50 müň ýewro tölemeli boldy.

Ýatlap geçsek, Ýewro-2024-üň ýeňijisi ýaryşyň aýgytly oýnunda Angliýanyň milli ýygyndysyny 1:2 hasabynda utan Ispaniýa boldy. Angliýa Ýewro finalynda yzygider ikinji gezek ýeňlişe sezewar boldy. 2021-nji ýylda topar Italiýanyň milli ýygyndysyndan utuldy.


düýn 22:49
3.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.8k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......