Lionel Messi MLS-iň ýyldyzlarynyň duşuşygynda oýnamaz

  • 23.07.2024 16:09
  • 13k+

“Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi şikes sebäpli Esasy futbol ligasynyň (MLS) ýyldyzlarynyň oýnuna gatnaşyp bilmez. Bu barada ESPN teleýaýlymy Demirgazyk Amerika ligasynyň beýanatyna salgylanyp habar berýär.

MLS-iň we Meksika ligasynyň iň oňat oýunçylarynyň duşuşygy 25-nji iýulda irden sagat 5:00-da Kolambusda (Ogaýo, ABŞ) geçiriler.
Messi Kolumbiýa ýygyndysy bilen geçirilen Amerika Kubogynyň finalynda aýagyndan şikes aldy. Şol sebäpli, “Inter Maýaminiň” soňky iki oýnuny sypdyrdy.
Urugwaýly hüjümçi Luis Suares hem şikes sebäpli ýyldyzlaryň oýnuna ganaşyp bilmez.
“PSŽ-däki” karýerasyndan soň, Messi 2023-nji ýylyň tomsunda “Inter Maýami” klubuna goşuldy. Ozal Messi “Barselona” üçin 17 ýyl oýnap, Kataloniýa klubunyň rowaýatyna öwrüldi. Argentinanyň milli ýygyndysy bilen Messi 2022-nji ýylda dünýä çempiony boldy we iki gezek (2021, 2024) Amerika Kubogynyň ýeňijisi boldy.
25 tapgyrdan soň “Inter Maýami” 53 oçko bilen MLS-de birinji orny eýeleýär. Ikinji orny - “Los-Anjeles Gelaksi” (49 oçko), üçünji orny bolsa “Sinsinnati” (48 bal) eýeleýär.


25.05.2026 23:07
6.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

25.05.2026 20:46
4.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
5k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
4k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....