Argentina owertaýmda gol salyp, Amerikanyň Kubogy – 2024-üň ýeňijisi boldy

  • 15.07.2024 11:09
  • 8.5k+

Argentinanyň milli ýygyndysy finalda goşmaça wagtda Kolumbiýanyň toparyny utup, Amerikanyň Kubogy – 2024-üň ýeňijisi boldy. Maýamidäki “Hard Rok” stadionynda geçirilen duşuşyk 1:0 hasabynda tamamlandy.

Oýnuň esasy wagtynda hasap açylmady, şonuň üçin oýun owertaýma geçdi. Ýeke-täk goly 112-nji minutda Jowani Do Çelsonyň topy geçirmeginde hüjümçi Lautaro Martines saldy.
Argentinalylar yzygider ikinji gezek Amerikanyň Kubogyny gazandylar. Olar 2021-nji ýylda finalda Braziliýany 1:0 hasabynda utupdylar.
Şeýlelikde, Argentina Kubogyň taryhynda iň köp titul alan topar boldy. Onuň hasabynda 16 titul bar. Ikinji orny Urugwaýyň topary eýeleýär – 15 ýeňiş, Braziliýanyň hasabynda 9 ýeňiş bar.
Kuboga tarap ýolda argentinalylar Kanada, Çili we Peru bilen A toparçada birinji orny eýeledi. Pleý-offda Lionel Skaloniniň topary Ekwadordan (1:1, 4:2 pen.) we Kanadadan (2:0) güýçli boldy.


düýn 23:07
6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
4.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
5k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.9k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....