Namibiýada ýaşaýyş jaý meselesini çözmek üçin kömelekden jaý gurmak isleýärler

  • 23.07.2024 12:53
  • 13k+

Namibiýada ýaşaýyş jaý gytçylygyny çözmekde täzeçil çemeleşme işlenip taýýarlanýar. Oňa laýyklykda, kömelekden jaý gurmak isleýärler diýip, The Guardian ýazýar.

MycoHab barlag topary ýurtda bol ösýän, orlan haşal otlaryň yzynda "weşenki" diýlip atlandyrylýan kömeleklerini ösdürip ýetişdirmegi, soňra bolsa olary gurluşyk tagtasy görnüşinde preslemegi teklip edýär.
Bu başlangyç birbada birnäçe meseläni: ýaşaýyş jaý gytçylygyny, daşky gurşaw meselesini we garyplygy çözmäge gönükdirilendir. Namibiýada maşgalalaryň 90% töweregi aýda 144 dollardan az gazanýar. Ýurduň ilaty, takmynan, 2,7 million adam we olar üçin gysga wagtda azyndan ýarym million öý gurmak zerur.


Barlagçylar orlan haşal otlaryň yzynda kömelek ösdürip ýetişdirmeklik otlary ýakmakdan we atmosferany zyýanly gazlar bilen hapalamakdan dyndarar we ony jemgyýetiň peýdasyna ulanmaga mümkinçilik berer. Alnan kömelek plitalary adaty kerpiçlerden has agyr, ýöne olary bir-birine seplemek aňsat we çalt bolup, gurluşygy elýeterli eder.
Ýene bir artykmaçlygy, kömelekden salnan jaýlar oda çydamly bolar.

“Adamlar jaýyň içini ysy tutar öýdýärler, sebäbi bloklar tebigy materiallardan ýasalan, ýöne bu dogry däl. Käte agajyň ysy çalaja gelmegi mümkin, ýogsa-da asla ys bildirmez "- diýip, taslamany döreden Kristin Haukongo gürrüň berdi.

düýn 14:43
7.4k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

14.05.2026 18:54
5.1k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
2.2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......