Ganat urgusy: Ýapon arylary öýjüklerini zyýankeşlerden nädip goraýarlar?

  • 22.07.2024 22:26
  • 9.6k+

Ýapon balarylary (Apis cerana japonica) öýjüklerini garynjalardan goramak üçin adaty bolmadyk usuly ulanýarlar. Ýaponiýanyň Milli Daşky gurşawyň barlaglary institutynyň gözlegçileri arylaryň garynjalary ganaty bilen kakyp, ýere gaçyrýan pursadyny surata düşürdiler.

Hünärmenler ýokary tizlikli kameralary ulanyp, öýjüklerini goraýan arylaryň özüni alyp barşyna syn etdiler. Garawul ary garynjanyň ýanyna baryp, ony uly güýç bilen urdy we ýere zyňdy. Ganatlaryny herekete geçirmezden ozal, ary edil tennisçi ýaly öwrülip yza çekildi.
Gözlegçiler ganat urgusynyň garynjalara hemişe degmeýändigini belleýärler. Şeýle ýagdaýlarda garynjalar näme bolanyna düşünmän doňup galýarlar, bu bolsa arylara gaýtadan synanyşmaga mümkinçilik berýär.
Alymlaryň pikiriçe, “şarpyk çalmak” usuly ownuk garynjalara garşy göreşmegiň iň täsirli usulydyr. Beýleki ýagdaýlarda arylar mör-möjekleri ýok etmek üçin olary çakýarlar ýa-da togalanyp bedenlerini ezýärler. Arylaryň käbir görnüşleri bolsa, zyýankeşlerden we ýyrtyjylardan öýjüklerini goramak üçin diwar gurýarlar.

düýn 14:43
7.4k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

14.05.2026 18:54
5.1k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
2.2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......