Milli senenamada Ýaldyrakdan öňki döwür başlanýar. Munda howa biçak gyzýar

  • 20.07.2024 10:01
  • 22k+

22-nji iýuldan 12-nji awgusta çenli milli senenamada Üçýyldyz döwri dowam edýär. Bu döwür howa biçak gyzyp, jöwzaly günler hatar bolup gelýär, epgekli ýeller öwsüp durýar.

“Göräýmäge, onçakly uzaga çekmese-de, bu döwür 20 günüň içinde daýhana-da, maldara-da synag baryny görkezipdir. Howa biçak gyzyp, jöwzaly günleriň hatar gurap gelmegi, epgekli ýelleriň birsyhly öwsüp durmagy köp ekinlere zyýan ýetirip bilipdir. Olaryň has ejizleri saralyp, sapagyndan üzülýär. Bu ýagdaý gök we bakja ekinlerinde, subtropik ekin bolan limonda has-da äşgär bolýar. Şu döwürde ýagdaýy bolsa, ekinleri suwsatman saklajak bolmaly. Yzgary ýetik ekin reňki saralsa-da, düwen hasylyny saklagan bolýar. Aýratyn-da, gowaçanyň güllere basyrylýan bu döwründe gözegçiligi berkitmeli. Ýogsam, ol aňyrsy 3-4 günüň içinde ep-esli hasylyny döküp bilýär” diýlip, “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, “ata-babalarymyzyň «Üçýyldyzda tün sowar, Ýaldyrakda gün sowar» diýen sözüniň manysyny tirsek, Üçýyldyz döwründe howa gündizlerine gyzsa-da, gije çyg düşüp, sowap başlandygyny, ýöne öňde Ýaldyragyň bardygyny ýatladýar. Bu barada «Ýaldyragyň ýangyny, Üçýyldyzyň galgyny» diýlen aýtgyny hem döredipdirler. Howanyň çakdanaşa gyzmagy käbir ösümliklere özüniň gowy täsirini-de ýetirýär. Mysal üçin, Amyderýanyň iki kenarynda biten gamyşdyr hyşa örän çalt ösýär. Toraňňylaryň-da ýapraklary göm-gök öwsüp, sähel ýele özboluşly owaz edýärler. Buýanyň gülüniň hoştap ysy bolsa has-da özüne çekiji. Derýa ýakyn ýerlerde yzgara ekilen gawun-garpyzlaryň tagamy juda süýjeýär. Sebäbi hut şeýle tebigy tagamy yssy howa döredýär”.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......