Transfermarkt dünýäniň iň gymmat futbolçylarynyň reýtingini hödürledi. Ýamal ilkinji onlukda

  • 20.07.2024 08:44
  • 14k+

Abraýly Transfermarkt internet portaly dünýäniň iň gymmat futbolçylarynyň sanawyny hödürledi. Reýtingde birinji orny Madridiň “Realynyň” oýunçysy Jud Bellingem eýeleýär. Portal futbolçyny 180 mln ýewro bilen bahalandyrýar. Ikinji orunda “Mançester Sitiden” Erling Holand ýerleşdi. Üçlügi Madridiň “Realynyň” ýene bir oýunçysy Winisius Žunior jemleýär. Portal soňky iki oýunçyny-da 180 mln ýewro bilen bahalandyrýar.

Bu reýtinge Ýewro-2024 ýaryşyndan soň “Barselonanyň” 17 ýaşly hüjümçisi Lamin Ýamal hem goşuldy. Futbolçy öňküsinden 30 mln ýewro gymmatlady we häzir 120 mln ýewro bilen bahalandyrylýar.

Dünýäniň iň gymmat futbolçylarynyň ilkinji onlugy:

  1. Jud Bellingem (Madridiň “Realy”, 180 mln ýewro)
  2. Erling Holand (“Mançester Siti”, 180 mln ýewro)
  3. Winisius Žunior (Madridiň “Realy”, 180 mln ýewro)
  4. Kilian Mbappe (Madridiň “Realy”, 180 mln ýewro)
  5. Filip Foden (“Mançester Siti”, 150 mln ýewro)
  6. Bukaýo Saka (“Arsenal”, 140 mln ýewro)
  7. Florian Wirs (“Baýer”, 130 mln ýewro)
  8. Jamal Musiala (“Bawariýa”, 130 mln ýewro)
  9. Rodri (“Mançester Siti”, 130 mln ýewro)
  10. Lamin Ýamal (“Barselona”, 120 mln ýewro)

şu gün 15:58
6k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

şu gün 13:42
3.9k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 15:42
7.9k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......