Xiaomi Lamborghini bilen hyzmatdaşlykda Redmi K70 Ultra Lamborghini Edition smartfonyny anons etdi

  • 19.07.2024 14:35
  • 5.9k+

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy elýeterli flagmanynyň täze görnüşini – Redmi K70 Ultra Lamborghini Edition smartfonyny anons etdi. Esasy wersiýa bolan Redmi K70 Ultra ýakynda eýýäm anons edildi, ýöne heniz satuwa çykarylmady. Täze hataryň resmi tanyşdyrylyşy 19-njy iýulda geçiriljek uly Xiaomi çäresinde bolar.

Häzirki wagtda modeliň resmi, janly suratlary, şeýle-de ol barada giňişleýin maglumatlar elýeterli boldy. Lamborghini Edition dizaýny boýunça esasy wersiýa Redmi K70 Ultra-dan tapawutlanýar, onuň obrazy Huracan Super Trofeo EVO2 ýaryş awtomobilinden ylham aldy. Model iki esasy görnüşde – ýaşyl we mämişi reňklerde hödürlendi. Suratda smartfonyň yzky panelinde özboluşly formada esasy kamera bloguny we Lamborghini logotipini görmek bolýar.
Mundan başga-da, gurluş bilen toplumda awtoulagyň stilinde ýerine ýetirilen gorag daşlygy, zarýad beriji gurluş we beýleki birnäçe aksessuar hödürlenýär.

Modeliň aýratynlyklary: SoC MediaTek Dimensity 9300+, 1,5K durulygy we 144 Gs kadr ýygylygy bolan OLED ekrany, 50 Mp Sony IMX906 datçikli esasy kamera, 120 Wt kuwwatly zarýad beriş bilen 5500 mA/sag sygymly akkumulýator, suwdan we tozandan gorag (IP68).
Belläp geçsek, bu Xiaomi bilen Lamborghini-niň eýýäm ikinji hyzmatdaşlygydyr – 2023-nji ýylyň ahyrynda bolan birinji hyzmatdaşlygyň netijesinde Redmi K70 Pro Lamborghini Edition çykdy, bu model 4,6 müň ýuana satyldy.


31.05.2026 22:44
4.5k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

03.03.2026 06:09
12k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...

27.02.2026 19:13
2.6k+

Xiaomi ýanyň bilen göterip bolýan kir ýuwujy enjamyny çykardy

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy özüniň içerki bazarynda Mijia Mini Washer atly kiçijik kir ýuwujy maşynyny hödürledi. Bu model az mukdardaky kirleri ýuwmak üçin niýetlenenligi we tygşytlylygy bilen tapawutlanýar. Enjam bir gezeklik işinde bary-ýogy 0,08 kilowatt-sagat elektrik energiýasyny sarp edýär we 1,2 kilogram eşik ýüklemäge mümkinçilik berýär...

27.02.2026 16:38
2.5k+

Xiaomi Tag trekeri ýiten zatlary tapyp berýär

Xiaomi kompaniýasy zatlaryň ýerini anyklamak üçin niýetlenen täze enjamy — Xiaomi Tag trekerini hödürledi. Bu enjam açar ýa-da torba ýaly özüne berkidilen zatlary aňsatlyk bilen tapmak üçin niýetlenendir. Enjamyň işleýiş ýörelgesi beýleki trekerler ýaly standart usulda...