Huawei we JAC “Maybach we Rolls-Royce-dan öňe geçjek” kaşaň miniweni taýýarlaýar

  • 17.07.2024 16:01
  • 13k+

Hytaýyň JAC we Huawei kompaniýalary premial awtomobilleriň önümçiligi boýunça täze bilelikdäki brendi işe girizmäge taýýarlanýarlar. Ilkinji modeli – X6 kod atly miniweni ýylyň ahyryna çenli hödürlemek meýilleşdirilýär, ol 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda çykarylyp başlanar diýip, IXBT habar berýär.

Täze kärhana bazarda lýuks awtomobilleri çykarmakda Maybach we Rolls-Royce ýaly uly ägirtler bilen bäsleşmegi göz öňünde tutýar. Miniweniň bahasy, takmynan, bir million ýuan (138 000 dollar) bolar.
JAC bilen Huawei-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk HIMA (Harmony Intelligent Mobility Alliance) modeline esaslanýar, bu ýerde Huawei diňe bir intellektual kabinany we sürüjilik çözgütlerini hödürlemek bilen çäklenmän, eýsem taslamalaşdyrmaga, önümçilige, satuwa we satuwdan soňky hyzmatlara hem gatnaşýar.
JAC bilen Huawei-niň arasynda täze energiýada işleýän intellektual ulag serişdeler babatyndaky hyzmatdaşlyk şertnamasy 2023-nji ýylyň dekabr aýynda gol çekilen gününden başlap 10 ýyl möhlet bilen baglaşyldy.


21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

01.05.2026 08:01
5k+

Hytaýda awtoulag faralaryny kinoproýektora öwürdiler. Bu Huawei-iň täzeligi

Huawei kompaniýasy awtoulagyň yşyklandyryşyny, howpsuzlyk  ulgamyny we multimediýa funksiýalaryny özünde birleşdirýän we faralary doly derejeli proýektora öwürýän täzelenen xPixel tehnologiýasy bilen......

04.03.2026 18:41
2.5k+

SAIC we Huawei gyşky synaglaryň dowamynda täze Porsche Taycan görnüşli elektrik awtoulagy bilen tanyşdyrdy

SAIC awtokonserni we Huawei tehnologiýa ägirdi tarapyndan döredilen bilelikdäki Shangjie hytaý brendi ikinji modeli bolan Z7 elektrik awtoulagynyň gyşky synagynyň wideosyny çap etdi. Wideoda awtoulagyň dizaýny ilkinji gezek doly görkezilýär...

18.01.2026 23:32
5.3k+

Hytaýda ilkinji gezek Huawei awtopilotly uzyn Audi A6L görkezildi

Täzelenen Audi A6L sedany Hytaýda resmi taýdan tanyşdyryldy. Ol täze platforma, intellektual dolandyryş ulgamy we täzelenen hereketlendiriji düzümi bilen tapawutlanýar. Tehniki aýratynlyklar modeliň ilkinji görkezilişinde yglan edildi...