Milli ýygyndylar Ýewro-2024-de näçe gazandylar?

  • 17.07.2024 13:55
  • 12k+

2024-nji ýylyň futbol boýunça Ýewropa çempionatynda ýeňiji bolan Ispaniýanyň milli ýygyndysy 28,25 mln ýewro möçberde baýrak aldy. Sport.es ispan neşiriniň maglumatlaryna görä, bu mukdaryň 40%-i futbolçylara berler.

Britaniýanyň Metro neşiri Ýewro-2024-üň umumy baýrak gaznasynyň 331 mln ýewro bolandygyny habar berýär. Bu mukdar 24 toparyň arasynda paýlanýar. Her topar netijelerine garamazdan 9,25 mln ýewro möçberde bir gezeklik töleg aldy.
Toparlaýyn tapgyrda toparlar ýeňiş üçin 1,0 mln ýewro we deňme-deňlik üçin 500 000 ýewro aldylar. 1/8 finala çykyş 1,5 mln ýewro, dörtden bir finala çykyş 2,5 mln ýewro, ýarym finala çykyş bolsa 4 mln ýewro getirdi.
Ikinji orny eýelän Angliýa 5 mln ýewro möçberde goşmaça töleg aldy, Ispaniýa ýaryşda ýeňiş gazanandygy üçin 8 mln ýewro möçberde baýraga mynasyp boldy.
Ispan topary toparlaýyn tapgyryň we pleý-off tapgyrynyň ähli oýunlarynda ýeňiş gazanandygy üçin iň ýokary mukdary gazandy.


düýn 22:49
3.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.8k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......