Amerikanyň Kubogy – 2024-üň indiwidual baýraklarynyň eýeleri belli boldy

  • 15.07.2024 13:27
  • 11k+

15-nji iýulda Amerikanyň Kubogy – 2024-üň Argentinanyň we Kolumbiýanyň milli ýygyndylarynyň arasynda final oýny geçirildi. Maýamidäki (ABŞ, Florida ştaty) “Hard Rok” stadionynda geçirilen duşuşyk goşmaça wagtda hüjümçi Lautaro Martinesiň goly netijesinde argentinalylaryň 1:0 hasabynda ýeňşi bilen tamamlandy.

Indiwidual baýraklar:

  • Iň gowy bombardir: Lautaro Martines (Argentina) – 5 gol
  • Iň gowy oýunçy: Hames Rodriges (Kolumbiýa). Ýaryşyň alty oýnunda futbolçy öz hasabyna bir gol we alty asist ýazdy.
  • Iň gowy derwezeban: Emiliano Martines (Argentina). Derwezeban ýaryşda 6 oýnuň 5-isinde gol geçirtmedi, şeýle-de 1/4 finalda Ekwador bilen oýundan soňky tapgyrda iki 11 metrlik urgyny gaýtardy (1:1, 4:2 pen.).
  • Finalyň iň gowy oýunçysy: Anhel Di Mariýa (Argentina). Onuň üçin bu oýun milli ýygyndynyň düzüminde iň soňky oýun boldy.

Kopa Amerika – 2024-üň finaly stadiondaky bidüzgünçilikler bilen bulaşdy. Janköýerleriň dyknyşygy we peteksiz girmek synanyşygy sebäpli oýnuň başlanmagy 1 sagat 20 minut yza süýşürildi. Marca-nyň maglumatlaryna görä, oýun üçin 25 müňe golaý galp petek satyldy. Bidüzgünçilikleriň netijesinde 12 adam tutuldy, azyndan 7 adam lukmançylyk kömegini aldy.

Final oýnunyň arakesmesinde kolumbiýaly aýdymçy Şakira çykyş etdi. Iki ýarymyň arasyndaky arakesme tas 25 minut dowam etdi.
Belläp geçsek, Argentina yzygider üç uly halkara ýaryşynda ýeňiş gazandy. Mundan öň, Lionel Skaloniniň topary 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynda we 2021-nji ýylyň Amerikanyň Kubogynda ýeňiji boldy. Argentina üç sany uly ýaryşy yzygider utan Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň üstünligini gaýtalady – Ýewro-2012, DÇ-2010 we Ýewro-2008.


düýn 13:03
11k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
8.8k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
5.8k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

16.06.2026 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....