Jokowiç we Alkaras ikinji gezek Uimbldonyň finalynda duşuşarlar

  • 13.07.2024 20:54
  • 2.8k+

Geçen ýyl bolşy ýaly, bu ýyl hem Uimbldonyň finalynda serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç ispaniýaly Karlos Alkaras bilen duşuşar. Final duşuşygy Londonda 14-nji iýulda geçiriler.

Ýarym final oýnunyň öňüsyrasynda Jokowiç italiýaly Lorenso Muzettini ýeňdi. Duşuşyk 6:4, 7:6 (7:2), 6:4 hasabynda Jokowiçiň peýdasyna tamamlandy.
Öň Alkaras ýarym finalda 6:7 (1:7), 6:3, 6:4, 6:4 hasabynda Daniil Medwedewi (5) ýeňipdi.
Geçen ýylky finalda Jokowiç Alkarasdan utulyp, 34 ýeňşiniň yzyny üzdi.
37 ýaşly Jokowiç dünýäniň ikinji raketkasydyr. Onuň hasabynda Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) ýaryşlaryndan 98 ýeňiş, şol sanda “Uly tuwulga” ýaryşlaryndan 24 ýeňiş bar. Şeýle hem türgen Olimpiýa oýunlarynyň (2008) bürünç medalynyň we Deýwisiň Kubogynyň (2010) eýesidir.
21 ýaşly Alkaras ATP reýtinginde üçünji ýerde durýar. Ol guramanyň ýaryşlarynda 14 ýeňiş gazandy. “Uly tuwulga” ýaryşlarynda bolsa, iki gezek ýeňiji boldy: 2022-nji ýylda US Open, 2023-nji ýylda Uimbldon.
Uimbldon “Uly tuwulganyň” dört ýaryşynyň biridir. Ýaryşyň umumy baýrak gaznasy 63 million dollar.


düýn 12:41
1.7k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.4k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....