"Real" 16-njy iýulda Mbappeni resmi taýdan tanyşdyrar. Ol 9-njy belgini aldy

  • 11.07.2024 23:05
  • 7.1k+

Madridiň “Realy” 16-njy iýulda täze hüjümçisi Kilian Mbappeni resmi taýdan tanyşdyrar. Tanyşdyryş çäresi Aşgabat wagty bilen sagat 15:00-da geçer we futbolçynyň gatnaşmagynda metbugat maslahaty bolar.

Mbappe 3-nji iýunda “Pari Sen-Žermenden” Madridiň “Realyna” erkin agent hökmünde hiç hili tölegsiz goşuldy. Oýunçynyň şertnamasy bäş ýyllyk.
25 ýaşly fransuz hüjümçisi täze geçen klubunda 9-njy belgi bilen çykyş eder. Mundan başga-da, klub beýleki oýunçylaryň arasynda sanlaryň gaýtadan paýlanýandygyny habar berdi. Şeýlelik bilen, ozal 12-nji belgide çykyş edýän  Eduardo Kamawinga indi 6-njy belgide oýnar. Federiko Walwerde sekizinji belgini, Orelýen Tçuameni bolsa 14-nji belgini aldy. Türk futbolçysy Arda Güler 15-nji, Hesus Walýeho bolsa 18-nji belgide bolar.


düýn 17:37
3.5k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

düýn 17:32
4.1k+

70-nji "Altyn topuň" gowşuryljak ýeri we senesi yglan edildi

"France Football" žurnalynyň wersiýasy boýunça ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän 70-nji ýubileý "Altyn top" gowşurmak dabarasy 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda we taryhda ilkinji gezek Londonda geçiriler....

düýn 12:06
7.4k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

01.06.2026 19:46
8.3k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....