Futbol boýunça Afrika milletleriniň kubogy yza süýşürildi

  • 23.06.2024 00:13
  • 11k+

Afrika milletleriniň kubogy – 2025-iň soňky tapgyry 2025-nji ýylyň 21-nji dekabryndan 2026-njy ýylyň 18-nji ýanwary aralygynda Marokkoda geçiriler. Bu barada Afrikanyň Futbol Konfederasiýasynyň (CAF) resmi saýtyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Öň, ýaryşyň 2025-nji ýylyň tomsunda geçmegine garaşylýardy.
Ýaryşyň başlangyç oýny 2025-nji ýylyň 21-nji dekabrynda, final bolsa 2026-njy ýylyň 18-nji ýanwarynda bolar.
CAF-yň ýerine ýetiriji komiteti Marokkoda zenanlaryň arasynda 2024-nji ýylyň Afrika milletleriniň kubogynyň geçiriljek senesini hem mälim etdi. Ol 2025-nji ýylyň 5 – 26-njy iýulynda geçiriler.


düýn 23:07
2.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....